HMD ekrany ulaldylan täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny çykardy

  • 03.11.2024 07:44
  • 5.3k+

HMD Global kompaniýasy täze Nokia 110 4G düwmeli telefonyny hödürledi. 2024-nji ýylyň modeli baradaky jikme-jiklikler öndürijiniň resmi web sahypasynda paýlaşyldy.

Täze önüm diagonaly 1,77 dýuým bolan öňki modelleriň ekranyndan has ýokary, 2 dýuýma çenli ulaldylan displeý aldy. Telefonda taktil san klawiaturasy we taktil duýgurlygy we çydamlylygy ýokarlandyrýan nano-relýef keramiki örtükli korpus bar.
Nokia 110 4G-niň (2024) esasy 128 MB RAM-y we 64 MB içerki ýady, şeýle hem gündelik ulanmak üçin amatly funksiýalary: diktofony, güýçli çyrasy, FM radiosy we MP3 pleýeri bar. Şeýle hem, telefon 2000-e çenli kontakt saklamagy goldaýar we LED fleşkaly kamerasy bar. Programma üpjünçiliginiň aýratynlyklarynyň arasynda adaty Nokia oýny bolan “Ýylanjyk” bar.
Täze girizilen zatlaryň arasynda häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän USB-C zarýad porty bar. Telefon aýrylyp bilinýän 1000 mAh batareýa bilen işleýär, ýöne batareýanyň awtonom näçe wagt işläp bilýändigini entek öndüriji aýtmady. Enjam gara we gök reňklerde hödürlendi.

“Smartfonlaryň agdyklyk edýän dünýäsinde Nokia 110 4G (2024) ýaly telefonlar ulanyjylaryň belli bir toparyna gönükdirilendir. Olar ýokary derejeli enjamyň çylşyrymlylygy gerek däl adamlar üçin ýönekeý, ygtybarly we elýeterli çözgüt hödürleýärler " – diýip, GizmoChina portaly täze önüm hakda ýazýar.

Täze enjamyň bahasy, takmynan 35 dollara satyn alnyp bilinjek öňki modeller ýaly, elýeterli segmentde galar diýlip garaşylýar.
Finlýandiýanyň 2016-njy ýyldan bäri Nokia brendine bolan hukuklara eýe HMD Global kompaniýasy meşhur düwmeli modellerini yzygiderli janlandyrýar. Şolaryň  biri 5G goldawly Nokia 3310 boldy. Öndüriji, köplenç, geçmişde meşhur bolan enjamlaryň göni mirasdüşeri hökmünde orun alan täze modelleriň üstünde synag geçirýär. Şeýlelik bilen, 2022-nji ýylda Nokia 5710 XpressAudio (XA) düwmeli telefonyň satuwy başlandy, onuň aýratynlygy enjamyň korpusynda saklanýan ýeri bolan simsiz gulaklykdy.


31.05.2025 16:21
10k+

Finlýandiýada gadymy rus galasy 1 ýewro satyldy

Finlýandiýanyň Kotka şäherinde ýerli hökümet Senaatti-kiinteistöt döwlet kompaniýasyndan gadymy Kýuminlinna (Kýumenegorod) galasyny satyn aldy. Şertnamanyň bahasy simwoliki 1 ýewro boldy. Öňki eýesi çykdajysynyň aşa köpdügi sebäpli emlägi saklamakdan ýüz öwürdi diýip, RBK ýazýar...

15.04.2025 12:54
4.5k+

HMD Global Nokia-nyň düwmeli telefonlaryny dikeldýär

HMD Global Nokia brendi astynda täze düwmeli telefonlar hataryny çykarmaga taýýarlanýar. Bu kompaniýanyň fin brendi bilen baglaşan ygtyýarnama şertnamasynyň 2026-njy ýylda tamamlanmazyndan öň bolup geçer. Bu barada «GizmoChina» neşiri habar...

22.03.2025 23:31
9.2k+

Finlýandiýa sekizinji gezek dünýäniň iň bagtly ýurdy hökmünde saýlandy

Finlýandiýa ýaşaýjylaryň bagtly bolmagynyň derejesine esaslanýan ýurtlaryň täzelenen reýtinginde yzygider sekizinji gezek birinji orny eýeledi. Bu BMG-niň tabşyrygy boýunça hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanýan Bütindünýä...

13.03.2025 09:27
3.4k+

Hyzmat ediş çäginden daşda: Nokia Aýdan ilkinji telefon jaňyny edip bilmedi

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýdan ilkinji telefon jaňyny amala aşyrmak synanyşygynyň şowsuz bolandygyny habar berdi. Munuň üçin zerur enjamlar Intuitive Machines kompaniýasynyň IM2 missiýasy bilen Athena gonuş...