Serdar Berdimuhamedowyň Astanada «Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitinde eden çykyşy

  • düýn 09:06
  • 6.4k+

(Astana şäheri, 2025-nji ýylyň 30-njy maýy)

Hormatly Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri hanym Jorja Meloni!
Hormatly Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlary!
Wekiliýetleriň agzalary!
Hanymlar we jenaplar!

Ilki bilen, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hormatly Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewe şu foruma çagyrandygy, myhmansöýerligi we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şeýle hem Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy hormatly hanym Jorja Melonä «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşdäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin minnetdarlyk bildirýärin.
Şu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn. Türkmenistan geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär we ony ösdürmäge öz goşandyny goşmaga taýýardyr.
Häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Astanada 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — 2040» atly sebit kooperasiýasynyň Konsepsiýasy oňa şaýatlyk edýär. Olar uzak möhletli döwür üçin Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy bellemek bolar.
Howpsuzlyk barada aýdylanda, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini bellemek isleýärin. Bu häzirki döwürde halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň şaýady bolýan döwrümizde aýratyn möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, biz durnukly howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler Guramasy ulgamy bolup durýandygyna ynanýarys. Şu garaýyşdan ugur alyp, Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldanlaryň ählisine minnetdarlyk bildirýärin.
Şunuň bilen bir wagtda, Türkmenistan Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn üns bermegi möhüm hasaplaýar. Bitaraplyk öňüni alyş diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz içine alýar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp, halkara forum geçiriler. Bu forumda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediler. Mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrýaryn.
Sebit howpsuzlygy barada aýdylanda, Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns bermek zerurdyr. Türkmenistan Owganystanyň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasap edýär. Biz durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ynanýarys. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de zerur tagallalary eder. Şeýle hem owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegi zerur hasaplaýarys.
Şu görnüşiň çäklerinde ykdysady hyzmatdaşlyk barada hem bellemek isleýärin. Bu ugurda özara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda däp bolan pudaklar — energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklar, şeýle hem sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly täze ugurlar bar.
Şu ýerde energetika meselesini aýratyn bellemek isleýärin. Türkmenistan tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa geçirýär. Şunuň bilen baglylykda, biz türkmen gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýäris.
Bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hem wodorod energetikasy bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar. Biz bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardyrys.
Ulag özara baglanyşygy barada aýdylanda bolsa, dünýä ulag ugurlaryny özgertmegiň häzirki tapgyrynda biziň Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigimizi bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasy geljegi uly taslamalaryň biridir.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna öwrülip biler. Şunuň bilen baglylykda, Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjymyzy bellemek isleýärin.
Hyzmatdaşlygymyzyň medeni-taryhy ugruny aýratyn bellemek zerurdyr. Italiýanyň Merkezi Aziýa bilen köpugurly hyzmatdaşlygynyň tejribesi iki müň ýyldan gowrak wagta uzalyp gidýär. Gadymy Rim bilen Parfiýa şalygynyň arasyndaky gatnaşyklar hem taryhda uly yz galdyrdy. Parfiýanyň paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda ýerleşen Nusaý şäheri bolupdyr. Şeýle hem XIII asyrda Merkezi Aziýa gelen we hakykatda biziň sebitimizi beýleki Ýewropa ýurtlary üçin açan wenesiýaly Marko Polonyň işleri uly taryhy gymmatlyga eýedir. Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwrüni aýratyn bellemek zerurdyr. Hytaý Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýol Merkezi Aziýanyň çäginden geçipdir. Biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasy aýawly saklanmaga we doly öwrenilmäge degişlidir.
Biz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini uly kanagatlanma bilen belleýäris. Olar ikitaraplaýyn ylmy özara hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, biz Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýäris. Bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynanýarys.
Bilim ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýarys. Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we sungatyna uly gyzyklanma bildirilýär. Biz bu işe mundan beýläk-de ýardam ederis.
Sözümiň ahyrynda Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklamak isleýärin.


düýn 09:01
5.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy. Sammitiň geçirilen ýeri bolan «Garaşsyzlyk» köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady...

düýn 08:44
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdi

30-njy maýda Gazagystanda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär....

düýn 08:33
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow Astanada Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy

30-njy maýda Gazagystana iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy. Söhbetdeşler sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, hususan-da, parahatçylygy...

30.05.2025 16:41
9.6k+

Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana bardy

Şu gün, 30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Gazagystana iş sapary bilen ugrady.  Aşgabadyň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar...