Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Italiýa» sammitine gatnaşdy

  • 31.05.2025 09:01
  • 6.3k+

30-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astana şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite gatnaşdy.

Sammitiň geçirilen ýeri bolan «Garaşsyzlyk» köşgüniň eýwanynda Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew garşylady.
Gazagystanyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.


Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyşynda sebit hyzmatdaşlygynyň häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy belledi.
Döwlet Baştutany şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Serdar Berdimuhamedow Owganystandaky ýagdaýa aýratyn üns çekip, Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi.


Döwlet Baştutany «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam, «ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň hatarynda belledi.
Serdar Berdimuhamedow energetika meselesini aýratyn belläp, türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.


Wodorod energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutany aýtdy we ýurdumyzyň bu ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.
Serdar Berdimuhamedow ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.


Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe Hytaýyň Sianyndan gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýoluň Merkezi Aziýanyň çäginden geçendigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň halklarymyzyň şeýle özboluşly taryhy mirasynyň aýawly saklanylmaga we doly öwrenilmäge degişlidigini belledi.


Döwlet Baştutany Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp, bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
«Merkezi Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul edildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystana iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Watanymyza gaýdyp geldi.


düýn 16:50
2.1k+

Türkmen öndürijileri Kazan Halal Market halkara ýarmarkasyna gatnaşar

2026-njy ýylyň 12–17-nji maýy aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek Kazan Halal Market halkara söwda ýarmarkasynda Türkmenistanyň önümleri görkeziler. Bu çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara......

düýn 07:24
11k+

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäni gurmak barada Karara gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi....

07.04.2026 23:10
7.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi diýip,......

07.04.2026 15:59
1.3k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy Koreýa Respublikasynyň täze ilçisiniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 6-njy aprelde Koreýa Respublikasynyň täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won-Jeden ynanç hatlarynyň nusgalaryny kabul etdi diýip,......