Serdar Berdimuhamedow Italiýa bilen hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak boýunça tekliplerini beýan etdi

  • 31.05.2025 08:44
  • 7.5k+

30-njy maýda Gazagystanda «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammite gatnaşmagynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Italiýa tarapyndan öňe sürlen «Merkezi Aziýa — Italiýa» formatynyň ýurtlarymyzyň arasynda berk özara gatnaşyklary ýola goýmagyň netijeli usuly hökmünde möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň onuň üstünlikli ösdürilmegine goşant goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Premýer-ministr Jorja Melonini şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk nebitgaz pudagynda, ulag, dokma senagaty ulgamlarynda we işewür düzümleriň ugry boýunça yzygiderli ösdürilýär. Özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn artmagy munuň aýdyň güwäsidir.
Döwlet Baştutany energetika we himiýa senagaty, demir ýol üpjünçilik ulgamlarynda, ekologiýa, oba we suw hojalygy ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň italýan tarapynyň tekliplerine garamaga taýýardygyny belledi.
Şeýle hem Serdar Berdimuhamedow söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ulgamlaşdyrmak maksady bilen, hökümetara topary ýa-da işewürlik geňeşi görnüşinde bilelikdäki mehanizmi döretmegi teklip etdi.
Premýer-ministr Jorja Meloni Türkmenistanyň Prezidentiniň tekliplerini goldap, Italiýanyň bu ugurdaky hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň barşynda dostlukly ýurduň Premýer-ministri Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin islendik amatly wagtda Italiýa sapar bilen gelmäge çagyrdy.


düýn 22:17
1.5k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
4.5k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......