Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli sergä we foruma gatnaşyjylary gutlady

  • 26.05.2025 00:26
  • 11k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisine gatnaşyjylary gutlady.

"Türkmen zenanynyň zehininden, akyl-paýhasyndan dörän, nepisligi, müň dürli öwüşgini, tebigylygy, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen dünýäni haýran eden ajaýyp türkmen halysy umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, hiç bir halkyňka meňzemeýän milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýaraşygydyr, törlerimiziň bezegidir, halkymyzyň guwanjydyr. Ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň çeper ellerinden dörän bu gadymy sungatymyz dünýäde doly ykrar edilýär. Türkmen milli halyçylyk sungatynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu gadymy senedi ebedileşdirmek ugrunda amala aşyrylan uly işleriň biridir" diýlip gutlagda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, türkmen halysy halkymyzyň gadymy sungaty bolup, onda ruhy gymmatlyklarymyz öz aýdyň beýanyny tapýar. Zenan yhlasyny, dünýägaraýşyny, ýürek arzuwlaryny göllerdir nagyşlaryna siňdiren haly bize ata-babalarymyzyň ýaşaýyş gymmatlyklary hakynda düýpli düşünjeleri berýär. Nepisligi, inçeligi, ajaýyplygy, dürli öwüşginli lowurdysy, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, diline, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna egsilmez söýgüsi jemlenendir.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly,  halkymyzyň meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýändigini belläp, bu ajaýyp sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, halylaryň täze nusgalaryny döretmek, gadymy asyl nusgalaryny aýawly saklamak, dikeltmek üçin möhüm şertler döredilýär. Täze çeper halyçylyk kärhanalary işe girizilip, olarda halyçy gelin-gyzlarymyzyň işlemegi we dynç almagy üçin ähli zerur tagallalar edilýär. Çeken yhlasly zähmeti bilen hemmelere görelde bolýan ussat halyçy zenanlarymyzyň zähmetine döwletimiz tarapyndan mynasyp ýokary baha berilýär, olara hormatly atlar dakylyp, gymmat baha sowgatlar gowşurylýar.

"Biz geljekde hem ellerinden dür dökülýän zehinli halyçy zenanlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy we dünýä meşhur türkmen halylaryny dokamaklary üçin ähli şertleri dörederis" diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.


şu gün 07:51
1.1k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.6k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
963

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......