184 million akkauntyň açyk duran parollar bazasy tapyldy, olaryň arasynda, hatda Google-yňky, Apple-iňki we Meta-nyňky hem bar

  • 25.05.2025 19:55
  • 14k+

Internetde Facebook, Instagram, Snapchat, Roblox ýaly meşhur onlaýn hyzmatlarynyň, şeýle hem dürli ýurtlaryň bank, lukmançylyk we hökümet web sahypalarynyň 184 162 718 loginden we paroldan ybarat açyk maglumat bazasy tapyldy.

Bu syzylmany kiberhowpsuzlyk boýunça hünärmen Jeremaýa Fauler tapdy. Onuň sözlerine görä, maglumat bazasynda Google, Apple, Microsoft we dürli e-poçta hyzmatlary ýaly esasy platformalary ulanyjylaryň loginleri, parollary we beýleki şahsy maglumatlary bar.
Fauler maglumatlar bazasynyň köpçülige açyk ýagdaýda bolandygyny we islendik ulanyjynyň göçürip alyp biljekdigini düşündirdi. Maglumatynyň dogrudygyny tassyklamak üçin ol birnäçe hasap eýesi bilen habarlaşanda, olar görkezilen maglumatlaryň aktualdygyny tassyklady.
Bilermenleriň pikirine görä, maglumatlaryň balykçy e-poçta, galp web sahypalary ýa-da zyýanly programma üpjünçiligi arkaly enjamlara girip bilýän zyýanly programma üpjünçiliginiň kömegi bilen ýygnalan bolmagy mümkin. Pidalar, adatça, maglumatlarynyň hüjümçilere geçirilýändigini bilmeýärler.
Syzdyrmanyň üstüni açansoň, barlagçy ony hosting-prowaýdere habar berdi we maglumatlar bazasyna giriş petiklendi. Şeýle-de bolsa, bellenip geçilişi ýaly, deslapky maglumat ýygnaýjylar henizem oňa girip bilerler.
Alnan maglumatlar beýleki hasaplara hüjüm etmek, galplyk, korporatiw içalyçylyk we fişing üçin ulanylyp bilner. Bu babatda dürli hyzmatlar üçin şol bir paroly ulanýanlar has hem gowşak goraglydyr.
Ulanyjylara parollary yzygiderli üýtgetmek, şol bir kombinasiýalary ulanmazlyk we iki faktorly tassyklamany işjeňleşdirmek maslahat berilýär. Maglumatlary ygtybarly saklamak üçin parol menejerlerini ulanmak hem maslahat berilýär.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:38
671

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....