Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara pul gaznasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

  • 25.05.2025 19:13
  • 3.1k+

23-nji maýda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) Türkmenistan boýunça missiýasynyň başlygy Anna Rouz Bordonyň ýolbaşçylygyndaky HPG-niň wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Türkmen daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen HPG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şol sanda tehniki kömek, maslahat beriş goldawy hem-de işgärleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdylar. Makroykdysady görkezijilere gözegçilik etmek, statistiki maglumatlary alyşmak hem-de ýurdumyzyň durnukly ykdysady ösüşi bilen baglylykda düzümleýin özgertmeleri ilerletmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmen tarapynyň wekilleri gaznanyň bilermenlerine ykdysady syýasaty işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde işjeň ulanylýan usuly goldawlar we amaly teklipler üçin sagbolsun aýtdylar. Türkmenistanyň Halkara pul gaznasyna ykdysadyýetiň açyklygyny ýokarlandyrmaga hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagy çuňlaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm hyzmatdaş hökmünde garaýandygy nygtaldy.
Şeýle hem taraplar ählumumy geosyýasy durnuksyzlyk we onuň milli ykdysadyýetlere, şol sanda daşarky töwekgelçiliklere, söwda mümkinçiliklerine we nyrhnamalary kadalaşdyrmaga edýän täsiri bilen bagly bolan derwaýys wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulmagy, iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi hem-de ykdysady maglumatlary alyşmagyň gurallarynyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly meseleler aýratyn gyzyklanma döretdi.
Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha bermek bilen, Anna Bordon türkmen tarapy bilen häzirki wagtda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň konstruktiw häsiýetini nygtady.


düýn 20:55
2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......