Aleksandr Makedonski döwründen galan moda: çaganyň 2300 ýaşly altyn ýüzügi tapyldy

  • 23.05.2025 19:14
  • 15k+

Ierusalimiň iň gadymy ilatly etraby bolan Dawidiň şäherinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda ysraýylly arheologlar goýy gyzyl daşly kiçijik altyn ýüzügi tapdylar. Hünärmenleriň bellemegine görä, tapyndy irki ellinçilik döwrüne degişlidir, ýagny takmynan 2300 ýyl ozal, sebiti miladydan öňki 332-nji ýylda Aleksandr Makedonskiý basyp alyp yzýany döredilipdir.

Bu eýýäm soňky ýylda bu ýerden tapylan şuňa meňzeş ikinji ýüzük. Öňküsi birneme ulurakdy, ony  arheologlar 2024-nji ýylyň maý aýynda tapypdylar. Diametrinden çen tutsaň, iki ýüzük hem çagalar - oglanjyklar ýa-da gyzjagazlar üçin niýetlenendir.
Ellinçilik döwründe granat ýaly açyk daşly altyn şaý-sepler ýoň bolupdyr. Bu şaý-sep däp-dessurlary Hindistandan we Parsystandan gelipdir we grek serkerdesiniň  basyp alyşlaryndan soň täze söwda ýollarynyň açylmagy bilen meşhurlyk gazanypdyr.
Iki ýüzük hem uly binanyň düýbünden, b.e. öňki III asyryň ahyryna – II asyryň başlaryna degişli gatlakdan tapyldy. Başga-da, arheologlar şol ýerden bürünç gulakhalkalary, şahly haýwanyň şekili salnan altyn gulakhalka we altyn monjuk tapdylar.
Alymlaryň pikirine görä, şaý-sepleriň bilgeşleýin poluň aşagynda gömlen bolmagy mümkin. Munuň sebäbi, gyzlaryň çagalykdan ululyga geçmeginiň nyşany hökmünde toýuň öňüsyrasynda öýde şaý-sepleri gizlemek däbi bilen baglanyşykly bolup biler.
Arheologlaryň Iýerusalimdäki ellinçilik döwründen bäri altyn şaý-sepleriň şeýle uly ýygyndysyny ilkinji gezek tapyşy. Alymlaryň bellemegine görä, bu Iýerusalimiň baý bolandygyny we şol döwürde şäher ilatynyň durmuşynyň ýokary derejede bolandygyny görkezip biler.


19.06.2026 19:49
4.7k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......