Taýwanda dünýädäki ilkinji robot şepagat uýasy lukmanlara kömek edip başlady

  • 23.05.2025 18:46
  • 5k+

Taýwanyň hassahanalarynda lukmançylyk işgärlerine ýardam bermek üçin döredilen dünýäde ilkinji Nurabot robot şepagat uýalary synagdan geçirilip başlandy. Enjam ýönekeý işleri ýerine ýetirýär: dermanlary eltip berýär, palatalara aýlanyp çykýar we gelýänlere ýoldaş bolýar. Bu şepagat uýalarynyň fiziki iş ýüküni, esasanam, işgärleriň ýetmezçilik edýän gijeki çalşyklarynda düşýän agramy 30% azaldýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli kyn iş şertleri, aýlygynyň azdygy we aşa ýadalýandygyny sebäpli dünýäde 4,5 million şepagat uýasy ýetmezçilik eder. Bu meseläni çözmek üçin Foxconn, Nvidia we Kawasaki kompaniýalary AI robotlaryny Taýwanyň keselhanalaryna ornaşdyrmak boýunça synag geçirdi.
Nurabot wirtual öwrenmek üçin Nvidia Isaac for Healthcare-i ulanýan FoxBrain ulgamy bilen işleýär. HoloScan we Jetson Orin tehnologiýalary robota hassalaryň ýagdaýy barada maglumatlary hakyky wagtda ýygnamaga mümkinçilik berýär. Bu şepagat uýalaryna ünslerini has çylşyrymly meselelere jemlemäge kömek edýär.
TCVGH hassahanasynyň şepagat uýalarynyň işi departamentiniň müdiriniň orunbasary Şu-Fang Lýunyň belleýşi ýaly, akylly maşynlar lukmanlaryň raýatlara has maksatly we zerur idegleri edip bilmek  mümkinçiliklerini giňeldýär. Onuň sözlerine görä, öňdebaryjy saglygy goraýyş ulgamy bolan Taýwan şeýle innowasiýalar üçin amatly bolup durýar.
Nurabot diňe ilkinji ädimdir. Foxconn we Nvidia hassahanalar üçin hassalaryň möhüm alamatlaryny yzarlamaga niýetlenen modelleri öz içine alýan täze AI gurallaryny taýýarlaýarlar. Bu tehnologiýalar adaty hassahanalary takyk anyklaýyşly we netijeli kömegi berip bilýän akylly lukmançylyk merkezlerine öwürmek üçin döredildi.


25.05.2026 16:09
1.3k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.6k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

05.05.2026 14:00
2.2k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......