Dünýägözel Gulmanowa Pekinde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy bilen duşuşdy

  • 23.05.2025 13:14
  • 12k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Hytaýa iş saparynyň çäklerinde Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Çao Letzi bilen giňişleýin düzümdäki duşuşygy geçirildi. Bu barada Mejlisiň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň meýdançasynda Türkmenistanyň we Hytaýyň birek-biregiň öňe sürýän başlangyçlaryny goldaýandyklary we ýokary derejedäki ýola  goýlan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti  aýratyn nygtalyp geçildi.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparynyň dowamynda iki ýurduň Baştutanlarynyň duşuşygynda dürli ugurlarda gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň netijelerine aýratyn ähmiýet berildi. Şunda «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda parlamentler derejesinde hyzmatdaşlyk etmegiň, şeýle hem geljekde «Merkezi Aziýa – Hytaý» parlamentara geňeşini döretmegiň hem-de «Türkmenistan – Hytaý: zenanlar we ýaşlar» bilelikdäki forumyny geçirmegiň meselelerine seredildi. 
Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berjek Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň hem-de parlamentler derejesinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň geçirilmegine gönükdirilen bilelikdäki çäreleriň ähmiýeti bellenilip geçildi. 
Duşuşykda hytaý tarapy iki ýurduň arasynda ylym-bilim, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň gerimini has-da giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.
D.Gulmanowa saparyň çäklerindäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Hytaý bilen parlamentara gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini we ony ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan etdi.
D.Gulmanowa Çao Letziniň şu ýylyň dekabrynda ýurdumyzda geçiriljek halkara çärelere gatnaşmagyna umyt bildirýändigini belläp geçdi. 


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....