Aşgabat bilen Almatynyň arasynda howa gatnawyny dikeltmek mümkinçiligi maslahatlaşylýar

  • 21.05.2025 11:53
  • 9k+

Astanada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Gazagystanyň ulag ministri Marat Karabaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi. Gazagystanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, taraplar birnäçe başlangyçlary, şol sanda Almaty – Aşgabat ugry boýunça uçuşlaryň dikeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan bu ugur boýunça uçuşlary eýýäm 2025-nji ýylda ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady we syýahatçylyk hyzmatdaşlygyny höweslendirmek maksady bilen durmuşa geçirilýär.
Awtoýollaryň gurluşygy babatda taraplar Kenderliniň üsti bilen Janaozen şäherinden Türkmenistanyň serhedine çenli bolan ýoluň abatlaýyş işlerine başlamagy meýilleşdirýärler. Bu taslama "Demirgazyk–Günorta" ulag geçelgesiniň ösüşiniň bir bölegidir. Şeýle hem ýurtlar daşary ýurt rugsatnamalarynyň (IBR) alyş-çalyşyny elektron görnüşe geçirmek barada ylalaşdylar. IBR — ýük daşaýjylaryň ýükleri daşary ýurda daşamagy üçin zerur bolan resminama bolup, onuň sanly görnüşe geçirilmegi üstaşyr gatnawyň tizligini ýokarlandyrar we daşamalary ýeňilleşdirer.


Daşary ýurt ýükleriniň daşalmagynyň sanlylaşdyrylmagy mundan öň Hytaýyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ulag edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen altytaraplaýyn duşuşykda hem ara alnyp maslahatlaşylypdy. Ministrler halkara awtoulag daşamalarynda elektron resminama dolanyşygyny we ýükleriň häzirki wagtda yzarlanmagyny üpjün edýän hyzmatdaşlyk maksatnamasyny döretmek barada ylalaşdylar. Gazagystan häzirki wagtda Hytaý we Özbegistan bilen elektron IBR ulgamyny ulanýar, indi bolsa bu ulgama Gyrgyzystan, Türkmenistan we Täjigistan hem goşular.
Gepleşikleriň netijesinde iki resminama gol çekildi: Halkara awtoulag daşamalarynda sanlylaşdyrma hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama we Ulag edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Taraplar şeýle hem Hytaý bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda awtomobil we demir ýol daşamalary boýunça geçelge nokatlarynda proseduralary ýeňilleşdirmek boýunça ylalaşdylar.


08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
3.5k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......