Raşid Meredow Tähranda Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşdy

  • 21.05.2025 11:43
  • 6.9k+

20-nji maýda Tähran şäherinde türkmen wekiliýetiniň Eýrana iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şeýle hem syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, energetika, maýa goýum, medeniýet we ekologiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pezeşkianyň nygtaýşy ýaly, hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy, şol sanda bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi iki dostlukly halklaryň bähbitlerine laýyk gelýär hem-de geljekde olaryň abadançylygynyň, durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Taraplar ulag we üstaşyr geçirmek ulgamynda özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini, şeýle hem halkara we sebit başlangyçlarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini bellediler. Şu nukdaýnazardan, türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy bilen şu ýylyň dekabrynda halkara maslahatyň geçiriljekdigi barada aýdyldy.
Söhbetdeşler iki ýurduň halklarynyň bähbidine strategiki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.


düýn 11:41
3k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......