Ähli janly-jandarlaryň juda gowşak ýagtylyk bölüp çykarýandygy ýüze çykaryldy

  • 20.05.2025 14:36
  • 2.6k+

Kanadanyň Kalgari uniwersitetiniň we Milli gözleg geňeşiniň barlagçylary ähli janly-jandarlaryň hemişe örän gowşak we göze görünmeýän ýagtylyk bölüp çykarýandygyny ýüze çykardylar. Bu hadysa «örän gowşak foton şöhlelenmesi» (UPE) diýlip atlandyrylýar. Bu ýagtylyk jan berlenden soň doly diýen ýaly ýitýär. Bu barada geçirilen barlaglaryň netijeleri «The Journal of Physical Chemistry Letters» žurnalynda çap edildi diýip, «ScienceAlert» neşiri habar berýär.

Janly-jandarlaryň öýjüklerindäki mitohondriýalaryň energiýa öndürýän mahaly, bu prosesiň dowamynda bolup geçýän himiki reaksiýalaryň netijesinde, örän az mukdarda ýagtylyk bölejikleri, ýagny fotonlar emele gelýär. UPE öňler jedelli tema bolsa-da, alymlar indi janly-jandarlaryň hakykatdan hem biofotonlary bölüp çykarýandygyny we olaryň ölümden soň doly diýen ýaly kesilýändigini «örän aýdyň» subut etdiler.
Öýjükleriň bölüp çykarýan ýagtylygy öran gowşak bolansoň, olary tebigy ýagtylyk çeşmelerinden tapawutlandyrmak örän kyn bolýar. Şol sebäpden hem barlaglaryň dowamynda, diri syçanlar ýörite garaňky gutulara ýerleşdirilip, duýgurlygy ýokary bolan kameralar arkaly olaryň bölüp çykarýan ýagtylygy surata alyndy. Netijede, diri syçanlaryň bedenleriniň ýagtylyk bölüp çykarýandygy, ölümden soň bolsa, ýagtylygyň doly diýen ýaly ýitýändigi aýdyň görünýär.

Şuňa meňzeş täsir Arabidopsis thaliana we Heptapleurum arboricola ýaly ösümlikler bilen geçirilen synaglarda hem ýüze çykaryldy. Kesilen ýapraklar bir salym ýagtylyk bölüp çykarmaga dowam etdi. Ösümlige zeper ýetirilende, bu ýagtylyk has-da güýçlenýärdi. Bu ýagdaý olaryň öz-özüni dikeltmek mehanizmasy bilen baglanyşyklydyr.
Alymlar UPE-ni lukmançylykda zeper ýeten dokumalary anyklamakda, keselleriň ýagdaýyna gözegçilik etmekde we näsaglaryň umumy saglyk ýagdaýyny seljermekde ulanylyp bilinjekdigini belläp geçýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....