Swikkaudaky Volkswagen zawody millionynjy elektromobili çykardy

  • 20.05.2025 10:50
  • 4.1k+

Germaniýanyň Swikkau şäherindäki zawod möhüm sepgide ýetdi - konweýerden millionynjy elektromobil çykdy. Ol Kings Red Metallic reňkine eýe bolan Volkswagen ID.3 GTX Performance boldy.

Bäş ýarym ýylyň içinde zawod içinden ýandyrylýan hereketlendirijilerden doly ýüz öwrüp, elektromobil önümçiligine geçdi.
Elektrokarlaryň önümçiligi 2019-njy ýylyň noýabrynda MEB platformasyna esaslanan ID.3 modeli bilen başlandy. 2022-nji ýylyň ýanwaryna çenli, ID.5 çykandan soň, zawod elektrik hereketlendirijilerine doly geçen ilkinji uly awtoöndüriji boldy. Benzin hereketlendirijili soňky awtomobil 2020-nji ýylyň iýunynda konweýerden çykyp, 1904-nji ýylda başlanan eýýamy tamamlady.

“Million elektromobil – toparyň uly zähmetiniň netijesi. Indi biz bäsdeşlige üns berip, aýlawly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerini öwreneris” – diýip, Volkswagen Sachsen GmbH-iň ýolbaşçysy Danni Auerswald belledi.

Zawodyň müdirler geňeşiniň başlygy Uwe Kundtmann 2026-njy ýyldan önümçiligiň bir böleginiň Swikkaudan başga ýerlere geçiriljekdigini belledi.
Zawodyň gaýtadan enjamlaşdyrylmagyna maýa goýumlar 1,2 mlrd ýewrodan geçdi. Häzirki wagtda Swikkau Ýewropada Volkswagen Group-yň ähli elektromobilleriniň ýarysyny öndürýär.
2019-njy ýyldan bäri konsern MEB platformasynda 2,3 mln ulag çykardy. 2024-nji ýylda zawod 204 müň elektrokar taýýarlady, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde konserniň Ýewropanyň elektromobil bazaryndaky paýy bolsa 26% boldy.
1990-njy ýyldan bäri zawod 7 milliondan gowrak awtomobil çykardy. 


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.7k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......