Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

  • 20.05.2025 07:44
  • 8.3k+

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär.

Günorta Awstraliýanyň uniwersitetinde (UniSA) işlenip düzülen täze aýnalar adaty aýnalardan 50% has ýeňil, epläp bolýar we ýörite örtügi sebäpli ýokary şöhle serpikdirijilik häsiýeti bar. Adaty Gün panellerinden tapawutlylykda, bu ulgam Günden gelýän ýylylygy jemläp, ony gönüden-göni ýylylyk energiýasyna öwürýär.
Synag üçin her biri 16 aýnadan ybarat iki enjam ulanylar. Bu synaglar Çarlz Stýort uniwersitetiniň (CSU) meýdançasynda geçiriler. Tehnologiýanyň awtory Kolin Holl bu çözgüdiň yssy howaly ýurtlar üçin örän amatlydygyny we uglerodsyz önümçilige ýol açýandygyny belleýär.
Taslamanyň ýolbaşçysy doktor Marta Jeýn senagat ýylylygynyň dünýä energiýasynyň 25%-ini, CO₂ zyňyndylarynyň bolsa 20%-ini düzýändigini aýdyp, şeýle innowasiýalaryň ekologik ýüki azaltmaga uly goşant goşjakdygyny belleýär.


düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......

04.06.2026 18:07
6.8k+

Özbegistanda tapylan gadymy çaga kelleçanagynda operasiýa yzy ýüze çykaryldy

Özbegistanly we italiýaly alymlar gadymy gonamçylykda kelleçanagy deşilen bäş ýaşly çaganyň galyndylaryny tapdylar. Barlagçylar bu operasiýany Merkezi Aziýanyň çäginde mälim bolan iň gadymy, şeýle-de tutuş......