Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy

  • 19.05.2025 10:16
  • 14k+

18-nji maýda ýurdumyzda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bellenilip geçildi. Aşgabatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary boldy.

Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, hormatly ýaşulular, eneler, talyplar, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary bar.


Döwlet Baştutany ilki Konstitusiýa binasyna gül çemenini goýdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň göreldesine eýerip, Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýdular.


Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak meýdançasynda dowam etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow belent baýdak sütüniniň öňünde ajaýyp gül çemenini goýdy. Soňra döwlet Baştutanynyň göreldesine eýerip, dabara gatnaşyjylar hem gül desselerini goýdular.
18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde-de dabaralar geçirildi.
Şol gün şeýle hem paýtagtymyzda «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. 


27.06.2026 19:38
5.4k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
3.1k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.4k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......