Fizik Braýan Koks ylmy leksiýasynyň tomaşaçylarynyň sany boýunça rekord goýdy

  • 18.05.2025 16:46
  • 4k+

Britaniýanyň ýadro fizigi, teleýaýlymyň alypbaryjysy, ylmy ýaýradyjy we professor Braýan Koks özüniň ylmy leksiýalaryna satylan petekleriň sany boýunça rekord goýdy. Onuň “Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” (“Horizons: A 21st Century Space Odyssey”) atly dünýä aýlanan leksiýalaryna 2022-nji ýylyň awgustyndan 2025-nji ýylyň maý aýyna çenli 369 297 adam gatnaşdy.

Bu rekord Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan hasaba alyndy.

"Onuň işi ylmy has elýeterli we gyzykly etmek bilen çäklenmän, eýsem bütin dünýäniň tomaşaçylarynyň gyzyklanmasyny hem özüne çekdi" diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň baş redaktory Kreýg Glendeý belledi.

Koks ilkinji gezek şuňa meňzeş rekordy 2016-njy ýylda goýupdy. 2017-nji ýylda Beýik Britaniýada okan leksiýalary diňleýjileriň köpüsini özüne çekdi. Üçünji rekord 2022-nji ýylda gazanyldy. Häzir Koks ýene dünýäde iň köp gatnaşyjyly ylmy leksiýanyň awtory hökmünde ykrar edildi.

"Şeýle köp adamyň Älemdäki ornumyz hakda tutuş bir agşamy oýlanyp geçirmek isleýändigi gowy zat. Syýahatymy guramaga gatnaşan ähli toparyň adyndan bu rekordy goýup bilendigimize buýsanýaryn "-diýip, Koks nygtady.

Resmi web sahypasynda maý aýyndaky çykyşlar üçin petekleriň hemmesi eýýäm satylyp gutardy. Petekleriň bahalary aýdylmaýar.
“Gözýetimler: XXI asyryň kosmos odisseýasy” leksiýasynda Koks ylmy maglumatlary filosofiki soraglar bilen utgaşdyryp, Älemiň tebigaty barada gürrüň berýär. Ol Eýnşteýniň işlerine we häzirki zaman açyşlaryna esaslanyp, ýaşaýşyň döreýşi, wagtyň we giňişligiň gurluşy temalaryny gozgaýar.


11.05.2026 23:19
3.6k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....

10.05.2026 14:09
1.4k+

Alymlar dinozawrlaryň peýda bolan wagtyny 10 mln ýyl öňe süýşürdi

ABŞ-dan paleontologlar dinozawrlaryň Ýer ýüzünde öňki çaklanylandan 10 million ýyl ir peýda bolan bolmagynyň mümkindigi baradaky netijä geldi. Geçirilen barlaglara görä, olaryň gelip çykyşy 250–240 million ýyl......

07.05.2026 14:36
3.4k+

Alymlar Hytaýda dinozawryň täze görnüşini ýüze çykardy

Paleontologlar dinozawryň täze görnüşini anyklady. Xiangyunloong fengming diýlip atlandyrylan bu dinozawr, takmynan, 190 million ýyl ozal häzirki Hytaýyň çäklerinde ýaşapdyr. Tapylan galyndy uzyn boýunly......

07.05.2026 11:10
4.4k+

«Terminator-2» filmindäki ýaly: böleklenip, ýene-de täzeden ýygnalýan materiallar döredildi

Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň hünärmenleri ýelim ýa-da himiki serişdeleri ulanmazdan, böleklenip we täzeden ýygnalyp bilýän robotlar we konstruksiýalar üçin täze tehnologiýany oýlap tapdylar....