Arkadag şäheri bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi

  • 18.05.2025 14:46
  • 4.9k+

17-nji maýda Arkadag şäherinde Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti bilen Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

TDH-nyň habar berşi ýaly, munuň özi Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyry üstünlikli tamamlanyp, ikinji tapgyryna batly depginler bilen başlanan täze şäheriň gurluşyk işleriniň depginleriniň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berer.
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Artur Andrisýak Arkadag şäherinde durmuşa geçirilýän maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtady.

Gurbanguly Berdimuhamedow bu resminamanyň energiýa tygşytlaýjy akylly tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdi.
Iki tarapyň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda gol çekilen resminama häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryň we sanly çözgütleriň ornaşdyrylan “akylly” we “ýaşyl” şäher konsepsiýasyna laýyk derejede bina edilen Arkadag şäherinde energetika, suw üpjünçiligi we şäher gürluşygy pudaklaryny ösdürmäge, bu babatda zerur bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, suwy we energiýany tygşytlamaga, dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we suwy gaýtadan ulanmaga, agzalan ugurlarda täze taslamalary işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde öňdebaryjy tejribe alyşmak babatda hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilendir.
Aziýanyň ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygy mynasybetli dabarany guramak baradaky teklibini öňe sürdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri aýdylan teklibi oňlady we gol çekilen resminamanyň beýik maksatlaryň amala aşmagyna ýardam berjekdigine ynam bildirdi.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......