Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde guruljak desgalaryň taslamalaryna bellikleri aýdyp, düzedişleri girizdi

  • 18.05.2025 14:27
  • 8.5k+

17-nji maýda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine baryp, täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanşyp, bu ýerde gurulýan seýilgähiň çäklerinde oturdylmagy meýilleşdirilýän dürli görnüşli şekilleri we germewleriň görnüşlerini synlady.
Şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň, şeýle hem durky täzelenýän desgalaryň taýýarlanan şekil taslamalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri üçin zerur bolan gün panelleriniň görnüşleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini ýokarlandyrmak, şeýle hem bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň görnüşleri barada şekil taslamalaryň üsti bilen hasabat berdi.
Bu ýerde görkezilýän taslamalaryň hatarynda, Ahalteke atlar şaýolunyň ugrunda oturdyljak ýol belgileriniň, yşyklandyryş ulgamynyň görnüşleri we beýleki şekiller, metjidiň gurluşygynyň özboluşly aýratynlyklary, onuň bezeg serişdeleri, täze şäherde gurulýan awtomenziliň we demir ýol menziliniň şekil taslamalary, Gökdepe şaýolunyň ugrunda durky täzelenýän köpriniň görnüşleri bar.
Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän şekil taslamalary synlap, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişlerini girizdi. Aýratyn-da, köpriniň içki bezeg işlerinde ulanylýan şekillere birnäçe bellikler aýdyldy.

Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygyny çaltlandyrmagyň, binalaryň bellenen möhletlerde ulanmaga berilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny aýtdy.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....