Raşid Meredow ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri beýan etdi

  • 18.05.2025 14:12
  • 1.9k+

17-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen birnäçe teklipleri beýan etdi.

Teklipleriň hatarynda:

  • 2025-nji ýylyň 29-njy iýuny – 3-nji iýuly aralygynda Portugaliýa Respublikasynyň Porto şäherinde geçiriljek Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament assambleýasynyň 32-nji her ýylky mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we bu çäräniň çäklerinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ugurdaş çäräni guramak;
  • ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň direktorynyň çakylygyna laýyklykda bu Býuronyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek, onuň işi bilen tanyşmak, şeýle hem hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, şu ýylyň 9-njy iýunynda türkmen wekiliýetini Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherine iş saparyna ibermek;
  • Şu ýylyň 18-19-njy iýuny aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Forumyna» türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça degişli işleri geçirmek we çäräniň çäklerinde ýurdumyzyň Gurama bilen serhet howpsuzlygy boýunça alyp barýan işleriniň esasy ugurlaryny beýan etmek;
  • ÝHHG bilen bilelikde dawalaryň öňüni almak boýunça 2025-nji ýylyň 27–28-nji maýynda öňüni alyş diplomatiýasy hem-de BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibini durmuşa geçirmek hem-de bu ugurda Howpsuzlyk Geňeşiniň degişli kararnamasyny ýerine ýetirmek boýunça sebitleýin maslahaty Aşgabat şäherinde guramak baradaky teklipler bar.

Serdar Berdimuhamedow bu ugurdaky hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.


düýn 11:41
2.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
2.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......