Hökümet mejlisinde çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri barada aýdyldy

  • 18.05.2025 13:42
  • 3.4k+

Şenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada aýtdy.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar dynç alyş - sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredilýär.
Dynç alyş möwsüminde çagalar dynç alyş - sagaldyş merkezlerinde dürli medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş çärelerini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şunuň bilen bir hatarda, Bilim ministrliginde Çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alşyny guramak boýunça toparyň mejlisini geçirmek we bu mejlisde çagalaryň tomusky dynç alşynyň talabalaýyk guralmagy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Serdar Berdimuhamedow wise-premýere Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, şeýle hem welaýatlarda hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde çagalaryň we ýetginjekleriň mynasyp dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.


düýn 00:03
3.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.9k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......