Maý aýynyň ahyrynda Aşgabatda iki sany aýdym-saz festiwaly geçiriler

  • 18.05.2025 09:19
  • 2.6k+

Maý aýynyň ahyrynda Aşgabat şäherinde «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem ýaşlar simfoniki orkestriniň we birleşen çagalar horunyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler. Bu barada wise-premýer B.Seýidowa şenbe güni Hökümet mejlisinde habasat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 19–21-nji maýy aralygynda milli gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmek, medeniýetleri özara baýlaşdyrmak maksady bilen «Parahatçylyk sazy» atly halkara festiwaly, şeýle hem 29–31-nji maýy aralygynda «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly geçiriler.
Festiwallaryň çäklerinde konsertleri, döredijilik duşuşyklaryny we ussatlyk sapaklaryny geçirmek, şeýle hem myhmanlaryň paýtagtymyzyň medeni ojaklaryna we beýleki gözel ýerlerine baryp görmekleri göz öňünde tutulýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýere festiwallara gowy taýýarlyk görmegi we olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.5k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.5k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.8k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......