Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň birine baryp gördi

  • 17.05.2025 14:09
  • 14k+

16-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan berlen günortanlyk naharyndan soňra Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler.

Teatryň şu ýyl açylan täze binasynda we içki bezeglerinde tatar halkynyň medeni däpleri bilen binagärligiň häzirki zaman meýilleri sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystanyň Baştutany bu ýerde teatr zallarynyň enjamlaşdyrylyşy, döredijilik toparynyň netijeli işlemegi hem-de tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline baryp, bu ýerden Watanymyza ugrady.


19.06.2026 10:10
3.2k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.3k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.8k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.9k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......