Gurbanguly Berdimuhamedow Kazanda Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

  • 17.05.2025 14:02
  • 5.9k+

16-njy maýda Kazan Kremlinde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi kabulhanasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň däp-dessurlaryň, dilleriň meňzeşligine, medeniýetleriň umumylygyna, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygy nygtaldy. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň şu ýyl Türkmenistana amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi.
Şeýle-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, awiasiýa, awtomobil ýük daşaýjy tehnikalaryň iberilmeginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, doganlyk halklarymyza bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan günortanlyk nahar berildi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow we Tatarystanyň Baştutany hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew söhbetdeş boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi hem-de onuň kuwwatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigi aýdyldy.


şu gün 08:13
1.4k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

şu gün 08:05
2.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

düýn 22:09
1.3k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
720

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......