Gurbanguly Berdimuhamedow RF-niň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

  • 17.05.2025 09:41
  • 11k+

16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.

Prezident Wladimir Putin “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň möhüm ähmiýetini belläp, bu ýokary derejeli duşuşyga gatnaşandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putini Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy bilen gutlap, Kazanda geçirilýän foruma gatnaşmaga çakylygy üçin minnetdarlygyny bildirdi hem-de hormatly Prezidentimiziň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda dostluk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, döwletara dialogy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.
Bellenilişi ýaly, ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik gatnaşyklar hem işjeň ilerledilýär. Ýurtlarymyz sebit we halkara guramalaryň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler türkmen-rus gatnaşyklarynyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine yzygiderli pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.


düýn 16:07
1.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....