Türkmenistanyň DIM-nde Eýran bilen parlamentara gatnaşyklar maslahatlaşyldy

  • 17.05.2025 09:16
  • 1.5k+

16-njy maýda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Eýran-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Abdoljalal Iriniň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar parlamentara gatnaşyklary, energiýa, ulag, söwda, medeniýet we bilim ýaly ugurlar bilen bir hatarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň möhümdigini bellediler. Bu ugurda parlamentara dostluk toparynyň üstünlikli işleýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda ýakynda geçiriljek çärelere garaldy.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-eýran gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny mälim etdiler.


düýn 17:31
910

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.4k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.3k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....