Rumyniýada ýerli ýaşaýjy 1 500 töweregi gadymy rim teňňeli hum tapdy

  • 17.05.2025 09:07
  • 6.6k+

Rumyniýada Letka-Weçe obasynyň golaýyndan 1469 sany gadymy rim teňňeli hazyna tapyldy. Ony metal gözleýji detektor bilen  işlemeklige höwesek ýerli ýaşaýjy Marius Manžeak tapdy diýip, New York Post ýazýar.

Manžeak, köplenç, metal gözleýji detektory alyp, güýmenje üçin ýeke özi meýdanlarda we tokaýlarda aýlanýandygyny gürrüň berdi. Şeýle gezelençleriň birinde ol gömülgi ýatan gadymy kümüş denarly hazynanyň üstünden barýar.
Onuň çak edişine görä, tapyndynyň ýaşy azyndan iki müň ýyl bolmaly. Manžeak ähli teňňeleri ýerli hökümete gowşurdy. Ol tapyndynyň günlerde bir gün muzeýde goýlup, ony öz perzendine görkezip biljegine umyt baglaýandygyny aýtdy.

"Men taryh bilen ýüzbe-ýüz bolandyryn diýip pikir hem etmändirin. Düýşüm däldir-dä hernä diýip özümi çümmükläp görmek isledim” — diýip, Manžeak hazynany tapan pursadyndaky başdan geçiren duýgularyny paýlaşýar. 





19.04.2025 17:48
7k+

Rumyniýada daklara degişli hazynaly hum tapyldy

Mureş uýezdinde ýerleşýän Brýaza rumyn kommunasyndan iki höwesjeň demir gözleýji detektory ulanyp, gadymy frakiýa taýpalaryna – daklara degişli hazyna tapdy. Arkeonews neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndynyň düzümine alty sany şaý-sep girýär...

16.03.2025 12:07
3.6k+

Lidar Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk gadymy oturymly ýerleri tapmaga kömek etdi

Arheologlar lidaryň kömegi bilen Rumyniýanyň sümme tokaýlarynda 5000 ýyllyk berkitmeli oturymly ýerleri tapdylar. Lazer arkaly skanirleme agaçlaryň gyrymsylygynyň astynda asyrlarboýy gizlenip ýatan eneolit döwrüniň...

27.01.2024 14:57
4.4k+

Rumyniýa “Ýewrowideniýe – 2024” bäsleşigine gatnaşmaz

Rumyniýa şu ýyl “Ýewrowideniýe” halkara aýdym-saz bäsleşigine gatnaşmaz. Bu barada Rumyniýanyň telewideniýesiniň Dolandyryş geňeşine salgylanyp, TASS habar berýär. “Maliýe kynçylyklary we Rumyniýany ýokary derejede...

16.01.2024 16:26
7k+

Türkmenistanyň Buharestdäki ilçihanasy Rumyniýada okaýan talyplaryň arasynda bäsleşik yglan etdi

Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasy Magtymguly Pyragynyň portretini çekmek boýunça döredijilik bäsleşigini yglan etdi. Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda geçirilýän bu...