Rumyniýada daklara degişli hazynaly hum tapyldy

  • 19.04.2025 17:48
  • 7.3k+

Mureş uýezdinde ýerleşýän Brýaza rumyn kommunasyndan iki höwesjeň demir gözleýji detektory ulanyp, gadymy frakiýa taýpalaryna – daklara degişli hazyna tapdy.

Arkeonews neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndynyň düzümine alty sany şaý-sep girýär. Olaryň arasynda ösümlik nagyşlary salnan tegelek kümüş bilezik, gülýaka (fibula), üç şelpeli zynjyr we gün nagyşlary salnan süýnmek plastinalardan ýasalan guşak bar. Şeýle äheňler, köplenç, gün kultlary we gadymy ynançlar bilen baglanyşyklydyr.

Tapylan şaý-sepleriň umumy agramy, takmynan, 550 gram kümüş. Olar dak jemgyýetiniň asylly agzalaryna degişlidir diýlip çak edilýär.
Bu açyş ylmy ähmiýete hem eýe. Bu owal hiç bir ilatly ýeriň ýa-da medeniýetiniň başga yzlary tapylmadyk bu sebitde daklaryň bolandygynyň ilkinji tassyknamasydyr.


07.06.2026 20:06
3.4k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......

21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....