Türkmenistan Kazanda «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisinde Milli pawilýony hödürledi

  • 16.05.2025 18:32
  • 8.2k+

Türkmensitan Tatarstan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçirilýän «Russia Halal Expo 2025» Halkara sergisine Milli pawilýony bilen gatnaşýar.

Türkmenistanyň Milli pawilýony ýurdumyzyň ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda onuň hususy ulgamynda gazanýan üstünlikleri, özara bähbitli uzakmöhletli hyzmatdaşlyk üçin bar bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzyň pawilýonynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda ýangyç – energetika, himiýa, azyk, ýeňil, hususan-da, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk hem-de timarlaýyş serişdeleri we beýleki önümler görkezilýär.
Türkmenistanyň pawilýonynda halkymyzyň täsin medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär. Görkezilýän gymmatlyklaryň hatarynda meşhur türkmen halylary we ajaýyp şaý-sepler bar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......