Türkmenistanda Litwanyň ilçisi Kestutis Waskelewiçus işe başlady

  • 16.05.2025 18:20
  • 2.4k+

15-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Litwanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda diplomata ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegi esasy ugur edinýän döwlet syýasaty barada giňişleýin gürrüň berildi. Şeýle hem ilçi milli parlamentiň düzümi, onuň kanunçylygy döwrebaplaşdyrmak, konstitusion özgertmeleri geçirmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistan bilen Litwa Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi boýunça pikir alyşmalar boldy.

Duşuşygyň ahyrynda ilçi dostluk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara dialogy giňeltmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
 


düýn 20:55
1.7k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......