TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Kataryň DIM-niň Diplomatiýa instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

  • 16.05.2025 16:18
  • 4.3k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowa bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed al-Horryň hem-de Katar döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Kataryň wekilleri “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşmak üçin Türkmenistanda saparda boldular.

Duşuşygyň başynda Türkmenistan bilen Katar döwletiniň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, hususan-da, ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada gürrüň edildi. Mundan başga-da, taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatda birnäçe teklipleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek maksady bilen, “2025-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ýerine ýetirilişi boýunça Ýol Kartasyna” gol çekdiler.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......