Hytaýly alymlar DNK esasynda adamyň ýüz keşbini dikeltdiler

  • 15.05.2025 11:24
  • 5.7k+

Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary diňe genetiki maglumatlara esaslanyp adamyň ýüz keşbiniň hakykata ýakyn 3D şekilini döredip bilýän Difface atly täze emeli aň modelini hödürlediler. Bu barada geçirilen barlagyň netijeleri «Advanced Science» žurnalynda çap edildi.

Bu model DNK-nyň ýüz keşbiniň emele gelmegine jogapkär böleklerini, ýagny ýaňak, burun we eňek ýaly aýratynlyklary seljerip, olary sanly 3D ýüz modelleri bilen deňeşdirýär, soň bolsa üç ölçegli şekil döredýär.
Gözlegçiler Difface modelini 9674 meýletinçiniň maglumatlary esasynda türgenleşdirdiler. Olaryň her biri DNK maglumatlaryny we ýüzleriniň ýokary çözgütli 3D skanlaryny üpjün etdiler. Netijeler geň galdyryjy derejede anyk boldy. Hatda nazion (burnuň we maňlaýyň birleşýän nokady) ýa-da ýaňagyň şekili ýaly aýratynlyklar hem ýokary takyklyk bilen dikeldildi.
Jynsy, ýaşy we beden agram indeksi ýaly goşmaça maglumatlar girizilende, netijeler has-da gowulaşdy. Şeýle-de Difface diňe bir DNK esasynda ýüz keşbini dikeltmän, eýsem wagtyň geçmegi bilen onuň nädip üýtgejekdigini hem çaklaýar.


düýn 20:08
2k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

düýn 20:00
903

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

düýn 17:07
667

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......

04.06.2026 19:55
5.6k+

Günde bolup geçen ýokary derejeli X partlamasy Ýerde magnit tupanlaryny güýçlendirer

3-nji iýunda Günde birnäçe güýçli partlama bolup gecdi, şondan soň birnäçe plazma buludy Ýere tarap ugur aldy. Alymlar olaryň özara täsiriniň planetanyň magnitosferasyna güýçli täsir edip biljekdigini......