Iň gadymy naýzalary Germaniýanyň çäginde ýaşap geçen neandertallar ýasapdyr

  • 14.05.2025 16:09
  • 5.4k+

Ýewropaly antropologlar Saksoniýadan (Germaniýa) tapylan Şöningen naýzalarynyň, takmynan, 200 müň ýyl ozal döredilendigini kesgitlediler. Bu öň pikir edişimizden 100–200 müň ýyl soňdur.

Science Advances žurnalynda çap edilen barlag naýzalaryň geýdelberg adamlaryna däl-de, neandertallara degişlidigini görkezýär.
Maýns uniwersitetinden Olaf Ýerisiň ýolbaşçylygyndaky antropologlar topary aminokislota geohronologiýasy usulyny ulandy. Ol organizm ölenden soň, beloklardaky aminokislotalaryň gurluşynyň üýtgemegine esaslanýar.

"Ilkinji gezek Şöningen naýzalarynyň tapylan galyndylardaky aminokislotalara esaslanyp, çökündi gatlaklarynyň ýaşyny hasapladyk. Biziň hasaplamalarymyz naýzalaryň, takmynan, 200 000 ýyl ozal ýere gömlendigini görkezýär, bu bolsa olaryň orta paleolit döwrüne degişlidigini aňladýar, şol döwürde demirgazyk merkezi Ýewropanyň ýaşaýjylary geýdelberg adamlary däl-de, neandertallar eken” – diýip, barlagda aýdylýar.

Naýzalar 1990-njy ýyllarda Şöningeniň goňur kömür käninden haýwanlaryň galyndylary we daş gurallary bilen bilelikde tapyldy. Ilkibaşda olaryň ýaşy 380–400 müň ýyl diýlip çaklanylýar we olaryň geýdelberg adamlaryna degişlidigi, neandertallaryň we kromanýonlaryň ata-babalary bolup biljekdigi aýdylýar.
Alymlar täze açyş naýzalaryň golaýyndan tapylan atlaryň awlanylyşynyň çylşyrymly taktikasyna düşünmäge mümkinçilik berýändigini aýdýarlar.


düýn 08:10
4.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......