«Arkadag» FK-nyň halkara ýaryşda gazanan pul baýragy kitaphananyň gurluşygyna gönükdiriler

  • 14.05.2025 15:09
  • 20k+

«Arkadag» futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolandygy üçin berlen pul baýragy Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdiriler. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerine, türgenlerine hem-de janköýerlerine iberen gutlagynda aýdylýar.

«Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşyňyzy göz öňünde tutup, bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara geldik" diýlip, gutlagda aýdylýar.

Bellenilişi ýaly, bu döwrebap kitaphana ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer.
Belläp geçsek, 
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň finalynda Kambojanyň dört gezek çempiony “Preah Khan Reach Svay Rieng” toparyny goşmaça wagtda 2:1 hasabynda utup, çempion boldy.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......