Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» FK-ny AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady

  • 14.05.2025 13:38
  • 9.7k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Arkadag» futbol toparynyň tälimçilerini, türgenlerini hem-de janköýerlerini toparyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagy bilen gutlady.

Gutlagda gazanylan bu uly üstünligiň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyna mynasyp sowgatdygy bellenilip geçilýär.

"Çekeleşikli geçen final duşuşygynda aýratyn yhlaslylyk, maksada okgunlylyk, ussatlyk görkezdiňiz. Ýeňiş gazanyp, Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň Kubogyna mynasyp bolduňyz. Siziň gazanan bu ýeňşiňiz ýaşlaryň sporta bolan söýgüsini has-da artdyrýar" diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri «Arkadag» futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna geçirmek hakynda haýyşyny göz öňünde tutup, bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelnendigini aýtdy.

"Bu döwrebap kitaphana ýaş nesliň sanly ulgam arkaly kämil bilim almagyna oňyn täsirini ýetirer" diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belleýär.
"Ýeňiş gazanmak siz bilen, alkyşlamak biz bilen!" diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sportsmenlere ýüzlenýär.

2023-nji ýylda «Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempiony bolmagy başardy. Türkmenistanyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda hem ýeňiş gazanyp, ýokary ussatlygyny görkezdi.


03.06.2026 18:04
2.2k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
6.1k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
8.2k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
4.1k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......