Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler

  • 13.05.2025 13:17
  • 4.8k+

Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir.

Programma smartfonyň kamerasynyň kömegi bilen ýüzüň mimikasyny ýazga alýar we hereketleri hakyky wagtda saz seslerine öwürýär. Ulanyjylar ýüzleriniň dürli myşsalaryny oýnadyp, wirtual gurallarda “saz çalyp” bilerler.

"Biziň barlaglarymyz duýgyny herekete getiriji nerw ulgamyny işjeňleşdirmek üçin güýçli gyjyndyryjydygyny görkezdi. Saz döredilende ýüze çykýan oňyn duýgular ýüzüň myşsalarynyň herekete geçmegine itergi berýär we dikeldiş prosesini çaltlaşdyrýar "- diýip, Music-Evoked Brain Plasticity barlag toparynyň ýolbaşçysy, JYMMiN başlangyjynyň esaslandyryjysy Tom Fris belleýär.

Işläp düzüjileriň maglumatlaryna görä, her ýyl dünýä boýunça, takmynan, 15 million adam insult geçirýär. Olaryň köpüsiniň ýüz myşsalary ysmaz bolup galýar, bu bolsa ýüzüň mimikasyny we gürleýiş prosesini kynlaşdyrýar.
JYMMiN başlangyjy tarapyndan döredilen Face Active programmasy şeýle hassalara, duýgyny we aýdym-sazy bejergä goşmak arkaly, saglyklaryny has çalt dikletmäge kömek etmegi maksat edinýär.


15.06.2026 12:32
5.6k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.8k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......