Alymlar adamyň görüş ukybynyň biologik çägini anykladylar

  • 11.05.2025 22:41
  • 6.3k+

Ýewropaly we awstraliýaly alymlar adamyň hereket edýän zatlara berýän görüş reaksiýasynyň tizliginiň gözleriň işleýiş aýratynlyklary bilen çäklenýändgini anykladylar. Bu barada Berliniň tehniki uniwersitetiniň (TU Berlin) metbugat gullugyna salgylanyp, «TASS» agentligi habar berýär.

Berliniň tehniki uniwersitetiniň professory Martin Rolfsyň düşündirmegine görä, dünýäni duýmak diňe gözleriň duýgurlyk häsiýetlerine däl, eýsem olaryň hereketine hem baglydyr.
Bu ýerde «sakkada» diýlip atlandyrylýan hereketler göz öňünde tutulýar. Sakkadalar – bu adam bir zada üns berende, gözleriň öz-özünden we gaty tiz hereket etmegidir. Bu hereketler gözleriň torly bardasynyň (setçatkasynyň) iň duýgur bölegini wajyp obýekte çalt gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Sakkadalar gaty tiz, onlarça millisekuntda bolup geçýär we adam muny aňşyrman galýar. Beýni şekiliň durnuklylygyny saklamak üçin, bu hereketleri «pozýar».
Professor Rolfs we kärdeşleri 18 bilen 40 ýaş aralygyndaky 70 meýletinçiniň gatnaşmagynda synag geçirdi. Synagda gatnaşyjylara ekranda hereket edýän garşylyklaýyn zolaklar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde, alymlar gözleriň hereketini yzarlap, zolaklaryň hereket ugruny sakkadalaryň wagtyna görä sazlapdylar.
Netijede, şeýle ýagdaý ýüze çykdy: eger-de zolaklaryň hereketi gözleriň sakkadasyna gabat gelse, olar bu hereketi bütinleý görmeýärdiler. Olara zolaklar birden ýerinden başga bir ýere geçýän ýaly bolup görünýärdi. Bu bolsa hereketi görmegiň tizliginiň sakkadanyň tizligine we häsiýetine baglydygyny görkezýär. Ýagny, has çalt sakkadaly adamlaryň görüş reaksiýasy has ýokary bolýar.
Alymlar bu ýagdaýdan peýdalanyp, adamlaryň ýa-da haýwanlaryň hereket edýän zatlara näderejede tiz reaksiýa berýändigini çalt ölçemegiň mümkindigini belleýärler.


düýn 08:10
4.4k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.6k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.2k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
3.2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......