Üstýurt düzlüginde möýüň täze görnüşi tapyldy: Karakumosa ustyurtica

  • 06.03.2026 16:26
  • 6.7k+

Özbegistanyň Garagalpagystan böleginde, Üstýurt düzlüginiň gündogarynda ylym üçin nätanyş bolan täze möý görnüşi ýüze çykaryldy. Möjek-möýler maşgalasyna degişli bolan bu täze görnüş baradaky maglumatlar Arachnology halkara ylmy žurnalynda neşir edildi. Ylmy dünýäsine täze goşulan bu möýe Karakumosa ustyurtica diýlip at berildi.

Görnüşiň adyndaky «Karakum» sözi onuň Garagum çöllügine degişlidigini äşgär edýär. Bu ýöne ýerden däl. Çünki 2020-nji ýylda alymlar Dmitriý Logunow we Aleksandr Ponomarýow tarapyndan bu urugyň ilkinji nusgalyk görnüşi (Karakumosa repetek) hut şol ýerden tapylypdy. Şeýlelikde möjek-möýleriň bu toparynyň Merkezi Aziýanyň çöllerine mahsus bolany üçin, tutuş urugyň adyna sebitiň geografik ýerleşişi berkidildi. Bellemeli tarapy, ozal Türkmenistanyň çäklerinde hem bu urugyň başga-da birnäçe görnüşlerine (Karakumosa badkhyzica we Karakumosa turanica) duş gelnipdi.

Üstýurtdan tapylan täze nusga 2025-nji ýylyň iýul aýynda ýygnaldy. Onuň morfologik we taksonomik aýratynlyklary Horezm Mamun akademiýasynyň doktoranty M.Bektursunowa tarapyndan professor I.Abdullaýewiň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymy Dmitriý Logunowyň gatnaşmagynda düýpli öwrenildi.

Bu täze tapyndydan soň, «Karakumosa» urugyna degişli mälim bolan görnüşleriň sany 19-a ýetdi. Alymlar bu açyşyň sebitiň haýwanat dünýäsini we Özbegistanyň biologik köpdürlüligini has giňişleýin öwrenmekde möhüm ädimdigini belleýärler.


düýn 10:01
3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

19.06.2026 19:32
2.6k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2.1k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......