Apple emeli aň üçin Google bilen hyzmatdaşlygyny bes edip biler

  • 10.05.2025 14:40
  • 1.1k+

Apple kompaniýasynyň hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Eddi Kýu gözleg tehnologiýalarynyň çalt üýtgeýändigini belläp, ýene 10 ýyldan iPhone-yň öz ähmiýetini hem ýitirmeginiň mümkindigini aýtdy. Ol bu barada ABŞ-da Google kompaniýasyna garşy alnyp barylýan monopoliýa garşy iş boýunça kazyýet diňlenişiginde mälim etdi diýip, «Bloomberg» agentligi habar berýär.

Kýu ulanyjylaryň adaty gözleg ýerine, indi emeli aňdan has köp peýdalanýandyklaryny aýtdy. Mysal üçin, aprelde Apple enjamlary arkaly Google-da edilen gözlegleriň sany ilkinji gezek pese düşdi. Apple kompaniýasy Safari brauzerine ChatGPT, Claude we Perplexity ýaly emeli aň hyzmatlaryny goşmagy meýilleşdirýär. Bu hyzmatlar Google üçin alternatiwa bolup biler.
Google bilen hyzmatdaşlyk Apple üçin uly girdeji çeşmesi bolup durýar. Ýöne eger kazyýet bu hyzmatdaşlygy bäsdeşlige garşy diýip ykrar etse, kompaniýa uly maliýe ýitgisini başdan geçirer. Şunuň bilen birlikde, Kýu täze emeli aň mümkinçilikleriniň Apple üçin täze ýol açýandygyny aýtdy. Siri-de eýýämden ChatGPT ulanylýar we geljekde Google Gemini-ni hem goşmak meýilleşdirilýär.


31.05.2026 18:06
2.1k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

29.05.2026 16:32
1.4k+

Google «Googlebook» noutbuklarynyň arzan görnüşlerini çykarar

Google kompaniýasy ozal «Android» goşundylaryny goldaýan we «Gemini» emeli aň funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan premium segmentli enjamlar hökmünde tanyşdyrylan «Googlebook» noutbuklarynyň has elýeterli......

20.05.2026 15:31
989

Intel Formula-1-de McLaren-yň hasaplaýyş serişdeleri boýunça hyzmatdaşy boldy

Intel korporasiýasy we McLaren Racing topary strategik hyzmatdaşlygyň başlanýandygyny yglan etdiler, onuň çäginde amerikan kompaniýasy Formula-1 toparynyň hasaplaýyş hyzmatdaşy bolar....

19.05.2026 09:37
4.4k+

Ilkinji gorag çehollary iPhone 18 Pro-nyň dizaýnyny tassyklady

Internetde iPhone 18 Pro we iPhone 18 Pro Max üçin niýetlenen gorag çehollarynyň suratlary peýda boldy. Bu çehollaryň dizaýnyň iň soňky ylalaşygyndan geçendigi we geljekki smartfonlaryň suduryny gaýtalaýandygy......