Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýda okamak isleýänler üçin seçip alyş işini geçirýär

  • 09.05.2025 15:05
  • 7k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2025/2026-njy okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde habar berildi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek üçin binýatlyk bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan we 25 ýaşdan geçmeýän hem-de iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary kabul ediler.
Resminamalar 2025-nji ýylyň 12 — 21-nji maýy aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Öwrediljek hünärler we okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
  • soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;
  • dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky dil haty;
  • SAT (Scholastic Aptitude Test),  TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) hem-de HSK (Chinese Proficiency Test) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen iňlis dili boýunça Upper-Intermediate we ondan ýokary okuw şahadatnamasynyň asyl nusgasy (akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar);
  • ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň we ýurduň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolsa);
  • umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy. Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jildiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi. Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa, onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;
  • diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • hytaý dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da hytaý dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähaty tabşyrylýar).

Resminamalaryň terjimeleri iňlis dilinde bolmalydyr.
Resminamalary kabul ediş topary, zerur bolan halatynda, dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2025-nji ýylyň 24-nji maýynda  Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçiriler.
Söhbetdeşlik umumybilim berýän derslerden geçiriler.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31,
tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29.


05.01.2026 15:43
6.4k+

Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplary halkara bäsleşiklerinde üstünlik gazandylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp boldular. Aýlar Arazberdiýewa “GDA-nyň iň gowy talyby”, Nurýagdy Baýryýew bolsa “Iň gowy ylmy iş - 2025” halkara bäsleşiklerinde ýeňiş gazandy...

04.01.2026 12:24
5.7k+

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dilinden bäsleşik geçirdi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti iňlis dili boýunça bäsleşik geçirdi. "Bitaraplyk — dillerimiziň senasy" diýlip atlandyrylan bäsleşik Aşgabat we Arkadag şäherleriniň orta mekdepleriniň 12-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirildi...

02.01.2026 16:51
16k+

Türkmenistanly okuwçylara ABŞ-da okamaga mümkinçilik berýän «FLEX» synaglarynyň wagty we ýeri belli boldy

2026-2027-nji okuw ýyly üçin ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän ýokary synp mekdep okuwçylary üçin «FLEX» maksatnamasynyň 2025-2026-njy ýylda geçiriljek bäsleşiginiň rejesi belli boldy. Bu barada Halkara bilim boýunça amerikan geňeşleri habar berdi...

01.01.2026 18:19
4.2k+

Türkmen talyp gyzlary Hytaýda geçirilen halkara olimpiadasynda baýrakly orunlary aldylar

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyp gyzlary Hytaý Halk Respublikasynyň Nankin şäherinde geçirilen Nazary mehanika boýunça VI halkara olimpiadasynda kümüş medallara mynasyp boldular. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar bermegine görä, ýaryşyň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz hem toparlaýyn hasapda ikinji orny eýeledi...