Serdar Berdimuhamedow Ýeňiş güni mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy

  • 09.05.2025 11:46
  • 16k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk uruşynda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çärelere gatnaşmak üçin Moskwa bardy. Bu barada Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa sapary sowet halkynyň faşizme garşy göreşde görkezen gahrymançylygyna goýulýan çuňňur hormatyň nyşany bolmak bilen bir hatarda, Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň berkdiginiň beýanydyr.
Moskwada geçiriljek dabaraly Ýeňiş ýörişi Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-da başlap, takmynan bir sagat dowam eder. Ozal habar berlişi ýaly, bu ýörişe Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Hormat garawulynyň rotasy hem gatnaşar.


şu gün 07:51
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......