Lukmanlar ilkinji gezek näsagyň göz hanasyndan aralaşmak arkaly oňurganyň çişini aýyrdylar

  • 08.05.2025 16:41
  • 6.3k+

Amerikaly neýrohirurglar göz hanasyndan aralaşmak arkaly kelleçanagyň düýbündäki çişi aýyrmak bilen özboluşly operasiýany amala aşyrdylar. Operasiýa 19 sagat dowam etdi we munuň üçin ýokary takyklyk gerek boldy.

Operasiýa Merilend uniwersitetiniň lukmançylyk merkezinde geçirildi. Näsag 19 ýaşly Karla Flores bolup, ol öň beýniniň seýrek hordomasy sebäpli iki gezek operasiýa edilipdi. Täze çiş kelleçanagyň düýbünde, adaty usullar arkaly barmasy kyn ýerde ýerleşýärdi. Burundan, agyzdan ýa-da boýundan aralaşmak gaty howpludy.
Doktor Muhammet Labibiň ýolbaşçylygyndaky topar alternatiw ýoly - çep gözüň hanasyndan aralaşmagy teklip etdi. Operasiýa girişmezlerinden öň lukmanlar bu usuly jesetlerde tejribe edip gördüler.
Operasiýa wagtynda neýrohirurglar göz almasyny wagtlaýyn gapdala süýşürdiler, süňk dokumasynyň bir bölegini aýyrdylar we çişe golaý bardylar. Iş oňurga ýiligine ýakyn ýerde geçirildi - sähelçe ýalňyşlyk ysmazlyga sebäp bolup biljekdi.
Çiş aýrylandan soň, rekonstruktiw hirurg Kalpeş Wakhariýa butdan alnan transplantlaryň, titan plastinanyň we toruň kömegi bilen süňk gurluşlaryny täzeden dikeltdi. Iki günden soň Flores kelle süňki bilen oňurganyň arasyndaky baglanyşygy durnuklaşdyrmak üçin başga bir operasiýany etdi.
Näsag dikeldiş we proton bejergisini aldy. Bir ýyldan soň geçirilen barlaglar täzeden döreýiş alamatlaryny ýüze çykarmady.
Doktor Labib bu çemeleşmäniň kelläniň we oňurganyň çylşyrymly çişlerini bejermekde täze standart usul bolup biljekdigini aýtdy.


20.06.2026 12:08
7.6k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.4k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......