BAE-de emeli aň çagalar bagyndan öwredilip başlanar

  • 06.05.2025 21:07
  • 3.5k+

Täze okuw ýylyndan başlap, BAE-niň ähli döwlet mekdeplerinde çagalar emeli aňy öwrenip başlar. Bu ugurdan sapak çagalar bagyndan 12-nji synpa çenli berler diýip, Khaleej Times neşiri habar berýär.

BAE-niň wise-prezidenti, premýer-ministri we Dubaýyň häkimi şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň aýtmagyna görä, bu çözgüt ýurduň täze nesilleri taýýarlamak boýunça uzak möhletleýin strategiýasynyň bir bölegi boldy.

“Biziň borjumyz çagalary biziň döwrümiz bilen meňzeş bolmadyk döwre taýýarlamakdan ybarat. Olara ýurdumyzyň onlarça ýyl öňe gitmegini üpjün etmek üçin täze şertler, täze başarnyklar we mümkinçilikler gerek bolar” – diýip, ol belledi.

Bilim ministri Sara bint Ýusef Al Amiri maksatnamanyň esasy temalary: maglumatlary we algortimleri, programma üpjünçiligini, etiki taraplary, EA-nyň hakyky ulanylyşyny, innowasion taslamalary, şeýle-de syýasat we sosial işjeňlik meselelerini öz içine alýandygyny aýtdy.
Mugallymlara kömek etmek üçin Bilim ministrligi sapak meýilnamalaryny we okatmagyň dürli usullaryna laýyk gelýän ýumuşlary öz içine alýan materiallary taýýarlar. 


düýn 14:11
1.7k+

Türkmen okuwçylary Dubaýda geçirilen robototehnika bäsleşiginde 12 medal gazandy

14-nji fewraldan 16-njy fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde türkmen okuwçylary 12 sany medal gazanmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýaş innowatoryň gatnaşan bu ýaryşynda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi...

27.01.2026 09:21
1.1k+

ChatGPT Edu Gazagystanyň milli bilim ulgamyna integrirlener

​Gazagystanyň Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmos senagaty ministrligi ChatGPT Edu bilim guralynyň milli bilim ulgamyna ornaşdyrylýandygyny yglan etdi. Bu karar ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerine degişlidir...

02.05.2025 16:46
6.4k+

Türkmen talyplarynyň taslama işleri Dubaýda GOTECH 2025 halkara sergisinde görkezildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy we talyplary 2025-nji ýylyň 21-23-nji apreli aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilen GOTECH 25 "Energiýa, tehnologiýa, innowasiýa" halkara sergisine gatnaşdylar...

10.11.2024 11:56
8.5k+

MEMORIAD-2024: türkmen okuwçylary Dubaýda mental sport boýunça 3 medal gazandylar

7-9-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde MEMORIAD-2024 Mental sporty boýunça Bütindünýä Olimpiadasy geçirildi. Bäsleşige dünýäniň 35 döwletinden 180-den gowrak wekil gatnaşyp, olar...