800 ýylan çakmasyndan aman galan adamyň ganyndan 13 sany howply ýylanyň zäherine garşy derman döredildi

  • 06.05.2025 11:54
  • 23k+

Alymlar 13 sany howply ýylan görnüşiniň, şol sanda gara mambanyň, şa kepjebaşynyň we gaplaň ýylanynyň zäherini netijeli zyýansyzlandyryp biljek üç komponentli serişdäni hödürledi. Bu barada Cell ylmy neşirinde habar berildi.

Derman serişdesiniň düzümine iki sany antibedenjik we bir ingibitor girýär. Bu onuň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Antibedenjikler amerikaly mehanik Tim Fridiň ganyndan alyndy. Ol 18 ýylyň dowamynda meýletin ýagdaýda 800-den gowrak ýylan çakmasyny we 16 ýylan görnüşiniň zäheriniň bedene sanjym arkaly goýberilmegini başdan geçirdi. Şeýlelikde, onuň organizmi alymlara derman serişdesini döretmäge kömek eden seýrek antibedenjikleri işläp çykardy.
Ylmy gözlegçiler BSGG tarapyndan aýratyn howply diýlip ykrar edilen 19 ýylan görnüşiniň zäherlerini öwrendi. Netijede, şu aşakdaky düzüm döredildi:

  • ·LNX-D09 antibedenjigi – ýylanlaryň alty görnüşine garşy hereket edýär;
  • ·Warespladib ingibitory – ýene üç görnüşden goragy güýçlendirýär;
  • ·SNX-B03 antibedenjiigi – galanlara garşy hereket edýär.

Indiki tapgyr Awstraliýada kliniki synaglary geçirmekden ybarat. Derman serişdesi ýerli ýylanlar tarapyndan çakylan itlerde synagdan geçiriler. Munuň bilen ugurdaşlykda beýleki sebitlerde ýaşaýan alahöwreniň zäherine garşy niýetlenen wersiýanyň üstünde iş alnyp barylýar.
Eger serişdeleriň netijeliligi tassyklansa, ol gymmat we diňe bir ýa-da birnäçe görnüş üçin taýýarlanan antidotlary çalşyp biler. Hindistan ýaly ýurtlarda bu ýylanyň çakmagyndan bejergini aňsatlaşdyryp, ölüm derejesini peseldip biler. 


düýn 23:14
1.6k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
2.9k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......

05.06.2026 17:46
2.7k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

05.06.2026 15:54
4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....