Ilon Maskyň Tehasdaky «Starbase» kosmos bazasy resmi taýdan şäher derejesini aldy

  • 05.05.2025 16:15
  • 5.4k+

Tehasyň (ABŞ) günortasynda resmi taýdan «Starbase» atly täze şäher döredildi. 2025-nji ýylyň 3-nji maýynda geçirilen ses berişligiň netijesinde, ilatyň 97,74%-i täze dolandyryş birliginiň döredilmegini goldady. Bu barada «BBC» we «Associated Press News» habar berýär.

SpaceX kompaniýasynyň işi bilen baglanyşykly bu başlangyç ýerli ýaşaýjylar tarapyndan biragyzdan diýen ýaly goldanyldy. Olar esasan kompaniýanyň işgärleri we olaryň maşgalalarydyr.
Ilon Mask täze şäheriň döredilendigini X sosial torundaky hasaby arkaly tassyklady. Şeýle-de «Starbase» şäheriniň X-däki öz sahypasy hem döredildi. Ol hasapda şäheriň ösüşi bilen bagly täzelikler paýlaşylar. Meksikanyň serhedine golaý ýerleşýän «Starbase» 3,9 inedördül kilometre golaý meýdany tutýar. Şäheriň çäginde SpaceX-iň önümçilik desgalary, kosmodromy hem-de işgärler üçin ýaşaýyş jaýlary ýerleşýär.
SpaceX kompanivasy «Starbase» şäherini kosmos tehnologiýalarynyň merkezi hökmünde ösdürmegi maksat edinýär. Şäher derejesini almagyň esasy maksady – suw, elektrik üpjünçiligi we ýollar ýaly jemagat hyzmatlaryny özbaşdak dolandyrmakdyr. Netijede, kompaniýa şeýle hyzmatlar üçin Kameron okrugynyň ýolbaşçylary bilen ylalaşmazdan işleri alyp barmaga mümkinçilik gazandy. Şeýle-de raketalaryň uçurylýan mahaly, ýerli ýollary we kenar ýakalaryny ýapmak işi hem ýeňilleşer. Ozal şular ýaly çäreler ýerli häkimiýetleriň rugsadyny talap edýärdi. Şeýle-de «Starbase» şäheri işgärler üçin ýaşaýyş jaýlaryny we jemgyýetçilik şertlerini ösdürmäge mümkinçilik gazanar. Bu bolsa täze hünärmenleri çekmekde möhüm rol oýnar.


şu gün 00:18
325

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär

«Roskosmos» 2036-njy ýyla çenli Aýda atom elektrik stansiýasyny (AES) döretmegi meýilleşdirýär. Bu wezipe Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň kosmos işi ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esaslary baradaky......

27.06.2026 10:53
2k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

26.06.2026 15:40
2.1k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....

24.06.2026 08:02
2.4k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......