8 ýaşly oglanjyk howlusyndan 140-180 million ýyllyk galyndyny tapdy

  • 05.05.2025 13:05
  • 11k+

Derbişir graflygynyň Matlok şäherinden (Beýik Britaniýa) sekiz ýaşly Elliott atly oglanjyk öýleriniň howlusyndan ammonitleriň galyndylaryny tapdy. Ammonitler - 140-180 million ýyl ozal ýura döwründe ýaşap geçen gadymy deňiz mollýuskalary. Oglanjyk galyndyny oýnap ýörkä tötänden tapypdyr.

Elliott maşgalasy bilen üç aý mundan ozal täze öýlerine göçüpdi. Ol oýnap ýörkä, hek daşlaryny gazyp, olaryň birinde adaty bolmadyk oýuklary görýär. Ene-atasy tapyndylary barlamaga kömek edýär we tiz wagtdan bularyň adaty daş däl-de, gadymy jandarlaryň galyndylarydygy mälim bolýar. Olaryň arasynda dinozawrlar döwründe ummanlarda ýaşan spiral görnüşli çaňňalakly deňiz mollýuskalary bolan ammonitler bar.
Elliottyň ejesi oglunyň bu açyşdan hoşaldygyny we indi bu ýerden has köp galyndy tapmagy arzuw edýändigini aýtdy.
Ammonitler – kameralara bölünen çaňňalakly, ýok bolup giden kellesi aýakly mollýuskalardyr. Olaryň ady goç şahly şekillendirilen gadymy Müsür taňrysy Amon bilen baglanyşykly. Alymlar çaňňalaklarynyň diametri 1-2 sm-den 2 metre çenli bolan ammonitleriň 3 müň töweregi görnüşi bar diýip hasaplaýarlar.


19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

13.06.2026 12:29
6k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....