Mýunheniň “Bawariýasy” 34-nji gezek Bundesliganyň ýeňijisi boldy

  • 05.05.2025 10:32
  • 5k+

Mýunheniň “Bawariýasy” möwsümiň gutarmagyna iki tapgyr galanda 2024/25 möwsüminiň futbol boýunça Germaniýanyň çempionatynda öz ýeňşini üpjün etdi.

Bu Lewerkuzeniň “Baýeri” 32-nji tapgyrda “Fraýburg” bilen deňme-deň – 2:2 hasabynda oýnandan soň belli boldy. Mýunhenlileriň 76 utugy, “Baýeriň” 68 utugy bolup, galan iki oýunda bu tapawudyň yzyndan ýetmek mümkin däl.
Bu “Bawariýanyň” 34-nji tituly we Bundesliganyň rekordydyr. Ikinji orunda ýeňiş sany boýunça “Nýurnberg” (9 titul), üçünji orunda Dortmundyň “Borussiýasy” (8) ýerleşýär. Geçen möwsümde taryhda ilkinji gezek “Baýer” çempion boldy.
“Bawariýanyň” hüjümçisi Garri Keýn üçin bu professional karýerasynda ilkinji titul boldy. Ol kluba 2023-nji ýylda geçdi. Häzirki möwsümde Keýn ähli ýaryşlarda 44 oýunda 36 gol geçirdi we 12 assist etdi. Çempionatda Keýn 24 gol bilen iň gowy bombardirdir.
Ýarymgoragçy Tomas Mýuller karýerasynda rekord 13-nji gezek Germaniýanyň çempiony boldy. Ol esasy topar üçin 2008-nji ýyldan bäri çykyş edýär we öň möwsümiň ahyrynda klubdan gitjekdigini aýtdy.
“Bawariýanyň” baş tälimçisi – öňki belgiýaly futbolçy Wensan Kompani. Ol topara möwsümiň başynda tälimçi bellendi.


düýn 17:07
7.4k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
4.7k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
3.9k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....