WhatsApp-yň aýlyk ulanyjy sany 3 milliarddan geçdi

  • 04.05.2025 19:50
  • 2k+

Häzirki wagtda WhatsApp-yň aýlyk işjeň ulanyjy sany 3 milliarddan geçýär diýip, Meta kompaniýasynyň baş direktory Mark Sukerberg çärýekleýin maliýe hasabatyndan soň geçirilen brifingde mälim etdi. Bu barada «TechCrunch» habar berýär.

2009-njy ýylda işe girizilen we 2014-nji ýylda Facebook kompaniýasy (häzirki wagtda Meta) tarapyndan 19 milliard dollara satyn alnan WhatsApp messenjeri häzirki günlerde hem ulanyjylar üçin mugt we onda hiç hili mahabat görkezilmeýär. Bu messenjer eýýäm 2020-nji ýylda 2 milliard aýlyk işjeň ulanyjy çäginden geçipdi. Indi bolsa, Facebook bilen bilelikde 3 milliard ulanyjy derejesine ýetmegi başaran seýrek programmalaryň birine öwrüldi.
Şeýle ägirt uly ulanyjy binýady aýratyn-da kompaniýanyň häzirki wagtda emeli aň strategiýasyna uly ähmiýet berýändigini göz öňünde tutaňda, WhatsApp-y Meta üçin esasy taslamalaryň birine öwürýär.
WhatsApp Business platformasy hem örän çalt ösýär. Ol programmalar toparyndan gelen 510 million dollarlyk girdejiniň ep-esli bölegini düzýär.


09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.4k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

05.05.2026 15:24
942

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....

27.03.2026 17:36
6.8k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......