Xiaomi soňky 10 ýylda ilkinji gezek Hytaýdaky iň uly smartfon öndürijisi boldy. Apple bäşinji orna düşdi

  • 04.05.2025 14:37
  • 3.6k+

Xiaomi kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça alanyňda, soňky on ýylyň dowamynda ilkinji gezek içerki smartfon bazarynda lider boldy. «Canalys» analitikleriniň hasaplamalaryna görä, hasabat döwründe öndüriji 13,3 million smartfon satyp, bazaryň 19%-ine eýe boldy.

Xiaomi-niň beýle netijä ýetmegine, onuň mobil biznesi bilen dakylýan elektronikalar, kompýuterler we hatda elektromobiller ýaly giň ekoulgamdaky sinergiýasy kömek etdi.
Hytaý bazaryndaky iň iri smartfon öndürijileriň sanawynda ikinji orny bolsa, az-kem tapawut bilen Huawei eýeledi. Şol döwürde kompaniýa 13 million smartfon satyp, bazaryň 18%-ini eýeledi. Liderleriň yzysüre Oppo we Vivo brendleri gelýär. Hasabat döwründe olar, degişlilikde, 10,6 million we 10,4 million smartfon satdylar.
Has geň galdyryjy ýagdaý bolsa, Apple kompaniýasynyň bäşinji orna düşmegi boldy. Amerikaly kompaniýa üç aýyň dowamynda 9,2 million iPhone satdy. Bu bolsa geçen ýylyň birinji çärýegi bilen deňeşdirilende 8% azdyr.
Umuman, Hytaýyň smartfon bazary 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde sähelçe ösüş gazandy. Jemi satuw 70,9 million enjam boldy, bu bolsa 2024-nji ýylyň birinji çärýegine garanyňda 5% köpdür.


21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....