Türkmen bagşylary Hywada IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlik gazandylar

  • 03.05.2025 12:18
  • 12k+

26 — 28-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwaly geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý bagşyny bir ýere jemlän bu festiwala Daşoguz welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Hywa şäherinde bolan halkara festiwalda Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa şowly çykyş etdi. Wepa Nurmuhammedow bilen Aşyr Nazarowyň sazandarlyk etmeginde bagşy zenanyň «Saýatly-Hemra» dessanyndan ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary hem-de elkyssaly parçalary bu ýerde uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Türkmen bagşylarynyň bu çykyşy festiwalyň eminler toparynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, türkmenistanly döredijilik topary festiwalda birinji orny eýeläp, degişli pul baýragyna mynasyp boldy.
Halkara festiwalda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň bagşylarynyň medeni çykyşlary hem uly üns bilen diňlenildi. Şol çykyşlar foruma ýokary derejede taýýarlyk görlendigini görkezýär. Doganlyk ýurduň bu medeni dabarany ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleri döredendigini hem belläp geçmek gerek. Bagşyçylyk sungatynyň halkara festiwalynyň geçirilýän günlerinde türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen özara tejribe alyşdylar. 2019-njy ýyldan bäri her iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu festiwal oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.
Festiwalyň çäginde Türk dünýäniň ikinji medeni forumy hem-de «Täze Özbegistanda bagşyçylyk sungaty: häzirki zaman barlaglary we geljekki mümkinçilikler» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň wekiliýeti bu foruma hem işjeň gatnaşdy.


şu gün 00:03
741

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......